Surat

Adam we aralyk

Ýat illerde saýlamaga ýagdaý ýok,
hem ýüregiň gysar, ýalňyzlyk basar,
ildeş duşsa, dildeş duşsa begenip,
çagyrsalar baryp-gelip, hamala,
tanaýan dek ata-babasy bilen,
kä ýüregiň, kä saçagyň ýazarsyň,
emma uzak gitmän görersiň aýan,
ol ozalky baryp-gelşen, gatnaşan,
ynanyşan adamlaryň däl olar,
belki, görüm-göreldesi başgarak,
ýa ýoluny urdurypdyr, üýtgäpdir,
ýa niýeti, pikir, maksady başga,
käbirisi gulply sandyk, elbetde,
açylýança ýyllar geçer, beýleki
agzyn açsa, açar özün bilmezden,
hem düşünmez hiç bir aýdan sözüňe,
ýene biri, iň erbedi, belki-de,
gep gezdirer, aýdan zadyň üýtgedip,
öz ýüregin çyrşajak bor ýüzüňe,
käte, adam, dälirärsiň, gyzarsyň,
ýat il bolsun, ýa ýurduňda aralyk
saklamasaň öz gabryňy gazarsyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024