Surat

Öňki kärdeş

Nirede bir kütek, öňki kärdeşiň,
elinden çekeniň ençeme ýyllap,
çukuryndan çykyp bilmän öz gaçan,
özünden-de beter kütegi tapyp,
ýel berip, üstüňe küşgürer, haçan,
nirä gitdiň, nirden geldiň, şugullap,
a soňundan jaň eder-de, garaşar,
başga gürrüň edip, gahara, kinä,
biljek bolar pikiriňi, garaýşyň,
durmuşy durmuş däl, oýun ýa kino.

Zat diýmeseň, syr bermeseň, düşünmez,
ara salym salyp, ýene bir göýdük,
piliň gulagynda uklany tapyp,
gep berip, ýel berip, oýnar, küşgürer,
gaýtalanar şol bir gürrüň, dereje,
ýene-de jaň edip, bahana bilen,
garaşar ol zeýrenjiňe, pukara,
bilmez öňki oýnanlary utanyp,
ýer tapmasa gara başyn sokara.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022