Ol adamlar
Ýene-de bir dükan ýapyldy, çünki
obadaşlar, nesýe alýan harydy,
aýlap, ýyllap berip bilmän bergisin,
batdy gowy, dükan açyp baýajak
boldy obaň nobatdaky garyby...
Itde galan, adamlarda galmadyk
ygrar diňe söz bolanda owadan,
diňe ynsap, bereket däl, ol öňki
ýowar edip, bir-birege öý diken
mertebe-de uçýan eken obadan.
Belki-de bu obadan däl, şäherden,
şäherli bolandan uç aldy, ösdi,
jennetiň açaryn ogurlap gaçan
hem ýitiren özi ýalyň toýunda,
galan ýaly bolup ilinde kasty.
Bir oba däl, bir şäher däl, köpeldi
dükanly bol, dükansyz bol, goýmajak,
emel ýeten, eli ýeten goparyp,
itdi ili soňy gelmez açlyga,
iň esasy hökümet aç, doýmajak.
Soraýarsyň wagtal-wagtal içiňden,
telpek geýip, gyňaç orap başyna,
ol adamlar biri-birin nätdiler,
awy gatyp howasyna, aşyna,
bu adamlar birin-birin nätdiler?..
Gürletseň, şeýle bir dilleri süýji,
din-imanly, ýüzi-gözi dogaly,
soraýarsyň ýeke galsaň daşyňdan,
eger beýle gowy bolsa ýürekler,
neden talaň hiç görmeýär zowaly?
Neden hemme boldy ýalana sadyk,
şol bir galyp, şol bir kerpiç, guýulan,
geçidi ýumurdy, içidi ýykdy,
berim gökden ýol ýasady, bilýärler,
nebis boldy ýalňyz hudaý, uýulan?
Ýene-de bir dükan ýapyldy, batdy,
ýene bir hojalyk tozdy, ýykyldy,
ol adamlar biri-birin itdiler,
çuň çukura, çyksyn, gaçsyn başaran,
bir, iki däl, hemmejesi akylly.
Mariánské Lázně, 13.08.22.