Halk, hökümet we alla

Olar hökümetiň halkyna başdan,
gije-gündiz garşy durýanyn bilýär,
hökümete gulluk edýän ärleriň
hurşun ortalykdan urýanyn bilýär,
bagtly durmuş gurýan diýip başlygyň
ulyny, kiçini gyrýanyn bilýär,
bilýär olar, dokluk näme diýdirmez,
görýär olar, açlyk näme iýdirmez,
uruldy, çapyldy ýüz elli ýyllap,
ondan ozal, belki, ondanam beter,
ýatsa, düşýe girýär gyzyl bolşewik,
o tarapda köne duşman, selleli,
bu tarapda köne duşman, papakly,
bilýär olar çykalga ýok, döwleti
basyp alan gözi dolup, durmasa,
diýýär içden, giçlik ýeke galanda,
gaýtjagy ýok bular hudaý urmasa,
soňra dileg edýär pyşyrdap, zaryn,
alla jan, ýaradan, alyp ber arym,
gaýratym ýok, eger turaýyn diýsem
ele ýarag alyp, baraýyn diýsem,
üstesine bilýän, ýaragy güýçli,
çaga-çugam bilen ýok eder bilse,
garaşdyk gowy bor ýokarky ölse,
tersine, beteri geldi yzyndan,
ene-ata geçdi ogul-gyzyndan,
gaçyrýar ýat ile, gutulsa kaýyl,
sebäbi bilýärler gul-gyrnak bolup,
agtyk-çowluk bilen bolarlar saýyl,
olar hökümetiň halkyny, ili,
bile-göre, soňsuz gyrýanyn bilýär,
hemem alla garaşdykça bialaç,
allaň güýçlä arka durýanyn bilýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024