Düýş
Düýş gördüm.
Tejende, şäher parkynda,
bir çüňke ekilen agaçmyşym men,
durmuşym epgege gerip petekäm,
köküm çuňdan urup, ýyl-ýyldan mäkäm,
ýogyn hem boldumly nagyşmyşym nen,
ýeriň synasyna ýaraşyk berýän,
berdaşly gollarym uzadyp çar ýan,
säginip saýamda köçeden barýan,
ýadaw garry ýa-da çagaly gelin,
guwanyp seredýär boýdan-başyma,
gözi gidýän ýaly ýaşan ýaşyma...
Eýsem meniň ýaşan ýaşym näteňet,
görenlerim bir-bir geçýär öňümden.
Çakgy bilen oýup, kesip, iş edip,
biri orak-çekiç çekse synama,
biri bezär bäş burçly ýyldyza,
biri kesek atman geçmez deňimden.
Nämemişin, barly agaç daşlanar,
ýa saýasyz saýalyny söýmezmiş.
Biri eli ýeten şahamy döwer,
biri gelip, bukan bolup buşugar,
soňra gider ýolda syrmasyn syryp,
men galaryn şelpelerim gyzaryp...
Beterinden beteri bar diýleni,
biri geldi Stalini, Lenini
yzda goýup öwülmekde, ýalanda,
metjit gurdy iliň ojagyn ýykyp,
ýöne hiç ynanman beýge galanna,
aňly-başlyň daňdy aýagyn, golun,
howpsuz etjek bolup ýörejek ýolun,
ýöne ölmezden öň gelip ýanyma,
diýdi geňler galyp: “Boýun-aý munuň!”
Böwrüme palçygyn sylyp aýagnyň...
Soň başgasy geldi, ateist ogly,
hajy bolup ili edýän endişe.
Düýbümde ýatyrdy arakdan boşan,
böwri “beýik serdar” suratly çüýşe.
Täze hajy gahar-gazaba münüp,
serdarly çüýşäni çyrşady daşa.
Jäjin depeledi üstüne çykyp,
käýindi içenden, çekenden aşa.
“Bäh, bir dogry adam tapyld-ow!” diýdim,
saýa saldym Günüň öňün gabalap.
Ol dynç alyp çökdi düýbümde bir dem,
ýanýoldan bir gelin gelýärdi galgap,
sarygaş öýmesi başynda ýele,
täze hajy elden-aýakdan çykdy,
ary bolup gonsam diýip ak güle.
Gelin geçip gitdi, häjy yzyndan
haly harap samyrdady: “Pygamber,
sen beýik ekeniň, gözlerim aksyn,
walla, saňa şübhe etsem men eger!”
Soň ol çakgysyny çykaryp, açyp,
çyplaň aýal çekdi synamy oýup.
Aşagyna ýazdy: “Jahyl araplar,
gyz çagasyn diri gömüp dogandan,
tasdan bu dünýäni etmişler gaýyp...”
()