Agyr sorag
“Meniň Aşgabada gidesim gelýär!”
Ýazypdyr bir gyz.
“Ýewropa ýaranok maňa” diýipdir,
“Hemme zat ýat munda!” Zarlapdyr çaga.
Joralaryn küýsäp, ýurduny küýsäp,
sorapdyr: “Näme üçin ýaşamaly men
başga bir ülkede, çykan deý daga,
soňam düşüp bilmän galan ýalaky?..”
Hem diýipdir: “Nirede siz erkekler,
näme işleýäňiz, tapyň-da çäre?!.”
“Meniň Aşgabada gidesim gelýär!”
Diýipdir bir türkmen, garagöz çaga...
()