Ýalan belasy
Bir obany, bir şäheri, bir ýurdy
top, tüpeň okuna tutsalar bir gün,
bomba ýagdyrsalar asmandan agyr,
uçarlary tapgyr-tapgyr uçuryp,
ajal deprek kakyp geler hem alar
eli ýeten ýerde duranyň janyn,
ýöne hemme ölmez, ýaradar, maýyp,
belki-de, çöp çyzman, damdyrman ganyn,
diri galan, meger, kän bor ölenden,
top-tüpeňem gowy belki ýalandan.
Bir obany, bir şäheri, bir ýurdy
top, tüpeň okuna tutsalar bir ýyl,
bomba ýagdyrsalar asmandan agyr,
uçarlary tapgyr-tapgyr uçuryp,
ajal gara ýapynjasyn galgadyp,
geler hemem alar alyp bilenin,
ýöne diri galan köp bolar hökman,
ýurt diklejek ertir çermäp bilegin.
Bir obany, bir şäheri, bir ýurdy
top, tüpeň okuna tutsalar on ýyl,
bomba ýagdyrsalar üstünden agyr,
suwlaryna awy sepip, zäherläp,
dem aljak howasyn etseler güman,
ýene diri galan az bolmaz, olar
kynda bolsa turup, ýurduny gurar.
Emma bir obany, şäheri, ýurdy,
tutuş ili tutsaň ýalana bir ýyl,
hemem gaýtalasaň irginsiz, durman:
“Burnuň gulagyňdyr, gulagyň - burnuň,
agzyň gözdür, gözüň agyzdyr” diýip,
ulus il birbada ýylgyrar, güler,
emma hökman muňa ynanan bolar...
Bir obany, bir şäheri, bir ýurdy,
tutuş ili tutsaň ýalana on ýyl,
hemem gaýtalasň arasyn bölmän:
“Kelläň otyrýeriň, otyrýer - kelläň”,
ilçilik, içinde tapylar gülen,
hem az bolmaz ýalan çeňňegne ilen.
Bir obany, bir şäheri, bir ýurdy,
ýigrimi ýyl tutsaň ýalana durman,
diýseň bir samsyga uly akyldar,
bir ýalança diýseň dogruçyl, beýik,
ýa diýseň gorkaga batyr, ýürekli,
“Ýok, bu ýalan” diýen ýa-da diýmekçi,
diýip biljekleri gabasaň çüňke,
garadonly edip iliň öňünde,
ýalana "ýok" diýjek tapylmaz, meger,
top-tüpeň on müňi, ýüz müňi ýyksa,
ýalan tutuş iliň başyny eger,
hemem galmaz eder, dikläre ýurdy
adam tampak müşgül bolar ertesi,
çünki ýalan ynam goýmaz kimsede,
dosty ýardan, ýary ärden aýyrar,
top-tüpeň agdarar daşyňdan urup,
emma ýalan ili içden maýyrar...
()