Tükenmez dert
Men o gün ýaramadym,
ýöne ne doktora jaň etdim, gitdim,
ne-de derman gözledim,
sebäbi doktora gitsem sorajak,
gyzyklanjak zadyn bilýärdim magat,
näme iýdiň, näme içdiň diýjekdi,
tabşyrjakdy stresden gaçmagy;
derman atsam bir derdime em bolsa,
başga derde guruljakdy paýapyl,
köpri belki-de,
onsoň ol geljekdi ýeňles selkildäp...
Men o gün ýaramadym,
ýöne doktor sary seretmedimem,
tersine pikir etdim,
oýlandym hemem
yzyma seretdim, ümür-dumanda
garyp ejem göründi:
“Ýaraňokmy oglum?” diýdi mähirli,
tas aglapdym çaga ýaly möňňürip,
aýalym ýüzüme bakdy geň görüp...
Men o gün ýaramadym,
hemem diýdim obamyzda mellekden
bir hoşajyk üzüm ýolup iýsedim...
Ýa-da diýdim ejem çörek bişirse,
tamdyryň başyna gelsedim ylgap,
pökgi oýnap, surnugyp,
onsoň ejem çörek berse tamdyrdan
ýaňy çykan, ýakyp barýan eliňi,
a men suwa basyp iýsedim ony...
Men o gün ýaramadym,
ýöne muny aýtmadym hiç kime,
sebäbi diýiljek, aýdyljak zady
bilýärdim magat,
her kim tabşyrjakdy özüňe seret,
"kendiňe eýi bak!" diýjekdi millet,
sebäbi ýaşamak özüňe bakmak,
sebäbi ýaşamak däl özgä minnet...
Men o gün ýaramadym,
ýöne ne doktora jaň etdim, gitdim,
ne-de derman gözledim,
sebäbi bilýärdim ýokdugyn haýryň.
Oňa derek, walla, ejem pahyryň
ýeke çemçe towuk çorbasy bolsa,
goňşy çagalara topulýan, kowýan
gyzyl horaz bolsa öldürlen hemem
“saňa ýetdi, maňa ýetmedi” bolup,
çül-çaga daşyna egrilsek jamyň,
men bilýärin, dert gelmez ýanyma,
ýöne o çorbadan kim berjek maňa?
Men o gün ýaramadym,
saçak doly ir-iýmişden,
çagalar getirjek näme islesem,
ýöne ne ol üzüm, mellekden ýolnan,
ne-de özi uzakly gün iým gözläp,
özi özün beslän gyzyl horazyň
jana derman çorbasy bar bu ýerde,
bilýän, Watan meniň tükenmez derdim...
()