Iki ýazyjy
Men ol iki ýazary
söwet döwrem bilýärdim...
Beret geýerdiler ürç edip gara,
äýnegiň astyndan ýylgyryp çala,
salam berseň alardylar göwünjeň,
owadan, sypaýy gürleşerdiler,
käbirleri diýse-diýsin öwünjeň,
bir özüni bilýän, egoist ýa-da
zamanaň keseli karýera bilen
ymykly kesellän, bejermesi kyn,
soň eşitdim biri türmä düşende
beýlekisi ýaramandyr salama,
kyrk ýyllyk dostundan ýüzün öwürip,
kyrk ýyllyk duz-nandan açypdyr ara,
men ol iki ýazary
sowet döwrem bilýärdim,
beret geýerdiler ürç edip gara...
()