Agyrýan ýürek

Agyrýan ýüregi getiriň maňa,
göteriň maňa,
ýöne ol agyrýan bolmasyn gowa,
gözellige, ýagşylyga, päklige,
ýanýan bolsun ýamanlyga, ýatlyga,
keseki bolmaga özüň-özüňe,
öz-özüňi ýere sokmaga beter,
göge götermegiň deregne uçup,
agyrýan ýüregi getiriň maňa,
göteriň maňa,
men onuň derdini alaýyn açyp,
barybir agyrýar ýüregim meniň,
men ol agyrydan bilemok gaçyp,
gutulyp asla,
agyrýan ýüregi getiriň maňa,
göteriň maňa,
agyrmaýan ýürek çykarmaz daňa,
ýagtylyga sary äkitmez, biliň,
agyrýan ýürekde bolmaly bilim,
bolmaly mähir,
bolmaly söýgi,
agyrýan ýüregi getiriň maňa,
göteriň maňa,
agyrýan ýürek bor ýüregiň beýgi!

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019