Ýadawlyk

Sözler tozan ýaly üstüme çökýär,
pikirler kerep deý gabsaýar daşym.
Men uzak ýol geçip, geldim bu ýere,
ýüz-gözüm gök dalak, çapylan başym.

Ýolumy arçadym wagşy jeňňelde,
başa giden agaçlary aralap.
Olar tama etdi, aslyşdy bolman,
ýykjak boldy sagdan-soldan ýaralap.

Men ol agaçlary paltalap, çapyp,
ýa-da ýakyp biljek däldim gutaryp.
“Bir gün hökman öwrülerin men size,
häzir - diýdim - hiç wagtym ýok oturyp,
siziň bilen derdinmäge, ýatmaga!”
Olar maňa güldi göýä bir çaga,
agzysary guş deý, ýokardan gaçan.
Bu ahwal başymdan aýrylar haçan?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024