Özüňden gaçma
Sen meniň sen ýaly däldigim üçin
meni ýigrenme,
tersine, begen,
nätjek sen özüňe meňzedip meni,
göýä bir zawoddan çykarlan legen,
düşün, beýle bolsak biziň bahamyz,
nyrhymyz bir bordy bölen deý sogan.
Sen meni ýigrenme düşünmeseňem
meniň nämä ýananyma, köýenme,
tersine, begen,
meňzeş däldigmize göýä bir sogan,
o menden aşakda, pesde diý örän,
guwan öz-özüňe göýä bir dörän,
ýeke çykan gudrat ýaly jahanda,
meniňkä diý dowzah ýoly, jähennem...
Sen meni ýigrenme meniň sen ýaly
däldigim üçin.
Men begenýän seniň ýaly däldigme,
hem muny gizlemän aýdýaryn açyk.
Senem begen ýazýan bolsaň ýananyň,
ýa bes et ýaşamaň özüňden gaçyp...
()