Göreşmän ýykylmak

Azat boluň, göwnüňizi gubara
gara gorkyň kölgesine basdyrmaň,
ýatmaň tot-tozanda aramy-çara,
gidiň edýän pikirňiziň ugruna,
çekinmän şerden,
göreşiň öz ynanjyňyz ugrunda,
ynamyňyz ugrunda,
bar bolsa serde.

Azat ýaşaň, göwnüňizi gubara,
gara güman kölgesine basdyrmaň,
turuň silkinip,
çekiň goluňyzdan özüňiz ilki,
soňra size kömek eden tapylar,
tapylar üstüňiz kakyşan, belki.

Eger gorkup geçirseňiz ömrüňiz,
ýa-da garaşsaňyz başganyň gelip,
elin uzadarna, götärne ýerden,
gaty uzak garaşmaly bor ýa-da
bu göreşmän ýykylmak bor hederden...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019