Söz we duz
Her kişiniň öz kellesi, öz ýüzi,
öz gözleri, gulaklary, agzy bar,
hem özüniň gelişi bar bu dünýä,
ýörjen-ýörjen boluşy bar özüçe,
soň öwrenip, belki, tigir sürmegi,
alyp berse ene-ata wagtynda,
ýöne kim bol, durmuş sylap goýmaýar,
käte ýykýar atdan, eşekden gaty,
gürrüň berse, diňle başdan geçenin,
ýaşan bolsa hatda dostlaryn satyp,
gülme, ýaňsylama, bölme arasyn,
çydajak bol hatda ynanmasaň-da,
hiç söz diýme açyp biljek ýarasyn,
ýöne eger-eger pikir etdirme,
näme etseň, walla, geçirjek diýip,
gelen hem gürleşen sözün sylasyn,
duzuny sylasyn giden duz iýip...