Il aglak bolsa...
Milletiňe agyrmasa gyrylýan,
ýürek bormy ýüregiňden?
Aglamasaň säher turup gün yrman,
derek ýokdur deregiňde...
Ýok, sen bilmän ýa-da görmän bilmersiň
basgylanýan çagalary, naçary;
ar-namysly ogly, gyzy bolmasa,
depelener baky milletiň ary.
Dogry, gürrüň eden, gep eden bolar,
il-gününe arka çykandan bolup,
emma sen ynanma urup gaçýana,
etegine kesek salyp, daş salyp.
Baş duşmanyň, bilseň, iliňi ezýän,
depeleýän naçarlary çagany,
açgöz, gurjak, oturdylan dikme däl,
ýüreginde zäher, dilinde jana!..
Olar seni göni alyp bilmese,
gapdalyňdan gelip, aljak bolarlar;
iliň aglak bolsa, nämeler bolmaz,
ili iliň garşysyna salarlar.