Surat

Adam we pikir

Her adam bir pikir diýerdim ozal,
belki, okap bir ýerlerden ýolugra,
indi bilýän pikir kän däl, adam kän,
hemem eger-eger hemmesi ýegre,
ýakyn bolup çykmaz bolsaň-da şeker,
käte tanap az-kän sylan adamyň,
ýüregiňe bulut bolup gam çöker.

Her adam bir pikir diýerdim ozal,
hem diýerdim söz haky bar hemmäniň,
emma indi görýän günde-günaşa
ýüzi ýyrtyk adamlary, eý, aman,
şol bir çaga çarbaýlygy, emmäni
maňa beriň, maňa diýýän ýadaman.

Ýok olaryň hiç pikiri, bolsa-da
gaýta-gaýta gaýtalaýan sözleri,
eger sesin ýapyp, seretseň siňe,
açar syryn hiç manysyz gözleri,
sessiz kino ýaly synlasaň biraz,
gönüläsiň geler: gerek däl, gapyl,
nämä gerek maňa bugdaýsyz haraz?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024