Il we azatlyk

Erkinligi islemese adamlar,
azatlyga ymtylmasa milletiň,
ýykylan az bolsa okap bilmäge,
mähnetini çeke-çeke minnetiň,
kaýyllar köp bolsa ýatyp ölmäge,
kimdir biri eder diýip bu işi,
garaşsalar ýeke-ýalňyz ýa üýşüp,
aldasalar ýalan-ýaşryk iç-daşyn,
gykylyk köp bolsa gürrüňe görä,
näme diýip, aýdyp bolar del, täze,
bir-birege bahyllykda ýitene,
ýa gygyrsaň, görmezlige salýana,
ýa-da görüp, her çukura itene?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024