Leňňeç halky
Sen olary biri-birinden aýryp,
haýsy ýurtda haýsy derýa, ummana
taşla aýagyny, elini daňyp,
başyn alyp çykar bir gün kenara,
gurunar bolmanda bir gara çatma,
ýelden, günden gorar ýaly,
pil süňkünden darak ýasar sünnäläp,
saç-sakgalyn darar ýaly,
dil öwrener, ýol öwrener, oturmaz,
ýük çekişer gerek bolsa,
belki, bolup hatarda ner,
emma bile gaçsa çukura, gorpa,
aýagyndan çekip çykjagyň aşak,
olar dünýä gürrüň, gülki bolarlar,
soň dymarlar ýeňse gaşap...