Halk şahyry
Dostumyzdy. Guwanardyk tanaman.
Içse, gözýaşyny saklap bilmezdi.
Dokuzynda ýitiripdir kakasyn,
otuz ýediň tupanynda, gaýynda,
Stalinden ömürboýy öçlüdi,
çagyrýardy goşgulary ynsaba,
ýaşdyk, ynanýardyk sözüne ulyň,
sylagymyz bardy dessura, däbe.
Emma otuz ýedi geldi gaýtadan,
girdi pyçak bolup arkadan, döşden,
Stalinden öçli, öňki halypa,
ilden öň, howlugyp ýüzüni açdy,
şa diýmeli diýdi öňki kommunist,
adyny üýtgeden hana, serdara,
dilini kesmeli gürläniň diýdi,
niýetini, pälin dikip pul-para.
Ölenden soň däbi, adaty bozup,
gürrüňin etdiler yzyndan gülüp,
kakasy kolhozyň malyn ogurlap,
tutuldy hem ýitdi türmede ölüp,
a geljekki şahyr, sürgünden gaçan
baý ogluny, obadaşyn kowalap,
tutup, bolşewikden sagbolsun aldy,
ogrujady, türmä düşdi ýaşlykda,
a soň içip, halkyň şahyry boldy...