Belki, ertir...

Turkmenistan's longtime leader has unveiled a giant gilded statue of a dog on a busy traffic circle in the capital Ashgabat. News

Belki, ertir çagalary olaryň
düşüner hem kitap okar azajyk,
gözlär, tapar okamaly eseri,
gybat çukuryndan arasyn açyp,
ejesini, kakasyny çökeren,
ýag nobaty sapak bolar geljekde,
sapak bolar çäreleri gatnaşan,
gulçuluga guwanmagy bes edip,
aýdym aýtman ezijiniň şanyna,
aglar olar ar-namysdan ses edip,
hemem özi üçin dikeler, durar,
aşagynda galman gepiň, gybatyň,
belki, olar kitap okar geljekde,
saýasyndan gaçyp it bilen atyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024