Dert
Ilki sagdan, soldan gelip,
yzdan salyp, öňün alyp,
ynamyň ýüzüne urdular olar,
ýa çaldylar ýeňsesinden şarpygy,
edermenlik bilip, belki,
güldüler ýykylsa, içlerini tutup,
gülkünç boldy bular ilki,
a soň birden gerek boldy ynanýan,
ynanylýan adam bir zat aýdanda,
sebäbi hiç kime ynam galmady,
ogrujalar dogrujany oýnady,
samsyklar oýnady akylly bolup,
iş bilmeýän iş adamy edenli,
pesiň pesi iň beýigiň rolun
oýnady hem öz oýnuna ynandy,
namartlar oýnady batyry, merdi,
ilki olar gülýärdiler bu oýna,
indi aglaýarlar aňlaman derdi.