Kök ýa agzybirlik meselesi

Olar ilki eli ýetse,
dili ýetse, nätjegini görkezdi,
düşündirdi eger türmesi bolsa,
sudýa ýa-da kazy bolsa elinde,
niçik ýa neneňsi ezjegin ili,
iň sypaýy sözi 'binamys', 'gende'
sag bolsun internet,
sag bolsun youtube,
gören heder etdi, gözleri ýetdi,
näme bolar ertir, gelseler bular,
susluk aralaşdy, agyr dymyşlyk
gürläsi geleniň basdy egninden,
käbiri düşündi kim utdy, ýeňdi,
agzybirlik islän köpeldi birden,
biri dindar boldy, biri akyldar,
çagyrdylar birleşige, agzybir,
agzy ala bolman çekmäge ýüki,
emma agaç ýel turanda ýykylýar,
ýelsiz günler çuňdan urmasa köki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020