Surat

Milli dereje

Derejesi gerek adamyň, iliň,
obadaşyň, şäherdeşiň, ildeşiň,
doganyň, gardaşyň, daýy-ýegeniň,
dosty-ýaryň, dost dälleriň, bahylyň,
gerek işi eder ýaly birleşip,
uly-kiçi, aýal-erkek, baryna,
dil uzatman kimsäň namys-aryna,
goldaşmaly bolsa, goldaşar ýaly,
dilleşmeli bolsa, dilleşer ýaly,
mal goşmaly bolsa, mal goşar ýaly,
pul goşmaly bolsa, pul goşar ýaly,
kyn bolanda kynlaşdyrman kyn güni,
töhmet atyp, şyltak atyp ýaryşman,
durup adam ýaly gürleşer ýaly,
çeýnemäge derek birek-biregi,
söz gözlemän awy boljak adama,
nyşanalap bagyr-öýken, ýüregi,
derejesi gerek milletiň biraz,
deşmez ýaly gämisiniň düýbüni,
döwmez ýaly abatlanan küregi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020