Surat

Belaly kürsi

Öňki prezidentiň öňki geňeşçisiniň ýatlamasy

"Bu kürsi – belaly kürsi!" - gygyrdy,
däli ýaly, böküp turup ýerinden.
Wah, işimdi, barmalydym "gel" diýse,
ateistdim, emma köşge giremde
çagyrýardym içden alla, hudaýy,
taňryny hem goşup üstüne käte,
gora diýip ýüzükliniň şerinden!..

Diýdi: "Munda oturmadyk düşünmez,
bilmez meniň ne günleri görýänim,
biri gelip aýalyny hödürlär,
beýlekisi aýalynyň doganyn,
sebäbi seň aladaňy ederler,
nememiş, ýekelik hudaýa ýagşy,
bu kürsi – näletli kürsi!" - Güldi ol,
adam däl-de, göýä utulan wagşy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024