Ýurt derdine giden

Ýurt derdine giden nadara bolmaz,
garjak bolmaz çäji tapyp harpyga,
diýjek bolmaz iň soňkyny öňünden,
bek boljak bor sözüne hem harpyna.

Il derdine giden gygyrmaz arlap,
aýby açylanda durmaga derek,
oýlanmaga derek azda ýa kände,
iki eli bilen ýapyşmaz şere!

Ilim diýýän ýüreginden, bagryndan,
bolsa biraz galmak üçin ýokaryk,
başgalary basjak, susdurjak bolmaz,
agy gara, gögi goňura garyp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024