Gynanarsyň

Sen nämüçin ynanmaly adama,
ildeş diýip, diýip dili, dini bir,
ýa-da başga, dinli, dinsiz,
bilip durkaň ertir, ertire galman
näme diýjegini arkaňdan ýa-da
ýüze gelip, pikir etse garalap,
ýa ýaralap bolar diýip bir pursat,
sen nämüçin gatnaşmaly ýylgyryp,
oturmaly bir stoluň başynda,
aralygy saklamagyň ýerine,
bilip durkaň kimdigini kişiniň,
nämeler etjegin elinden gelse,
ýaş-ýuş bolsaň, tanamasaň başga gep,
gynanarsyň bilýän ogryň öwülse...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020