Ýorgan meselesi

Sen aýalyň bilen ýorgana girip,
gujagynda derläp ýatsaň her agşam,
başga biri seniň aýalyň üçin,
çagalaryň üçin ýatsa meýdanda,
bugdaý ekse hem ýygnasa, getirse,
sen garaşsaň ertir bişjek çörege,
mugtuna ýa ýarym baha beriljek,
hemem beýle çörek bolmasa mydam,
ýa ýetmese hemmelere deň-derman,
arasynda karam oýun oýnalyp,
geň galma birleri açlykdan ölse,
ýa birleri dar ýerlerde gynalyp,
ýokarlarda biri ýylgyrsa, gülse,
sen aýalyň bilen oýlan azajyk,
sypjak bolma mydam ýorgana gaçyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024