Surat

Neresseler

Sen göreşi saýlap alyp bilersiň,
öz boýuňa, agramyňa barabar,
ýa alyp bilersiň göreşmezligi,
garaşmagy öz öýüňde, obaňda,
işiň bolsa, işiň edip azajyk,
ýa-da işsiz, gara günde, horlukda,
gapdalyndan tomaşaçy biletsiz,
sebäbi köp adam şeýle pikirde:
kime haçan näme boljak, kim bilýär,
bu ýalança aldananyň köpüsi
ýa türmede, ýa-da srgünde ölýär.

Ýöne göreş ýaly, göreşmezlik hem
iki ýüzli gylyç, siňe seretseň,
biri ýolda ölýär, biri öýünde,
ikisi-de, wah, bolmandyr, neresse!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024