Gorkak syry

"95% трусов при слабой угрозе способны на всякие подлости..." W.Şalamow

Birisi düşünýär türmede diňe,
beýlekisi ýat illerde, sürgünde:
adamlar gowy hem erbetlere däl,
gorkaga hem gorkak däle bölünýär,
gorkak satýar çem geleni gyssansa,
ýa keýpine, bilip, bilmän edýänin,
düýn elinden çörek iýen bendesin,
ýa gorany göni gelen ajaldan,
gutarany görkezjekden beterin,
uly höwes bilen satýar ol arzan,
hemem aňsat, sebäbi ne, bilmedim,
ýa ýagşylyk ýamanlykdan has agyr,
ýa-da uzak kemsidýärmi adamy,
ýa-da bu bir sebäbi ýok kadamy?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024