Özüň azat bolmasaň
Seni azat etmez kimse,
hatda hudaý, gökden düşüp,
ýa-da çykyp gelip suwdan,
dileg edip, aglap, eňräp,
hiç wagtyňy ýitirme,
özüň azat bolmasaň,
öz garyňa galmasaň,
işlemeseň öz üstüňde her agşam,
hiç bir ýurduň kanunlary ýazylan,
eger-eger, jinnek ýaly goramaz,
bolmaz diýseň, ynanmasaň özüňe,
özge birin hudaý saýyp, aýdaly,
adama ynansaň özünde ýiten,
adam hukuklaryn gorandan bolup,
garaşarsyň ömrüň boýy, it ýaly,
belki, bolup itiň iti.