Bu oýun däl
Bu oýun däl, köpi bilmedik bolsa,
ýa etmese bilenini düzüwli,
borjuny unutsa, adam hökmünde,
ogly bolup, gyzy bolup biriniň,
ejesi, kakasy, dogany bolup,
aýtmaly sözüni aýdyp bilmese,
özi üçin hemem özgeler üçin,
gaýtmaly girdapdan gaýdyp bilmese,
partiýanyň girdabyndan, çuňalýan,
sebäbi gorkuly yza çekilmek,
dowam etse ogurlygy, ýalany,
höwes bilen ýa mejbury goşulyp,
berim-peşgeş bilen ýol alsa diňe,
bozmaga gatnaşyp ilin-ýurduny,
öz-özünden bilip, etmese puşman,
adamdan däl bäşlek, üçlek urunýan,
hudaýdanam haýyr bolmaz, garaşmaň.