Umyt we reallyk
Biri diýýär Isa geler iru-giç,
bulutlardan düşüp bir gün, ajaýyp,
beýlekisi Muhammede ynanýar,
ýene biri gözün dikýär Gök taňra,
beýlekiler ynanýarlar şu günki
ýa-da ertir jübä düşjek puluna,
uly pula, kiçi pula, parhy ýok,
gula, gulçulyga ynanýar adam,
sebäbi ol düýp-diregi dünýäniň,
ekmeli, dikmeli, gurmaly munda,
dowam edýär göreş, uruş, gykylyk,
seniň beýniň, meniň beýnim üstünde,
adam döräp galman gelýär bu gylyk,
gelejek hem şeýle bolar, garaşma,
özüň özüň üçin durup bilmeseň,
biri gelip galdyr, göterer ýerden,
ýa gutarar ertir gutarmaz şerden.