Baky jahyllyk
"Мы этих людей выслали потому, что расстрелять их не было повода, а терпеть было невозможно." Л. Д. Троцкий
Oglandyk, kän oýnaýardyk,
baýmy-garyp, gyzyl ýa ak,
elimizde tüpeň-taýak,
bilimizde gylyç-taýak,
a atymyz ýylgyn çybyk,
jylaw bilen gamçy ýerne
dil işleýär, dek duranok,
görýänimiz şol bir kino,
okanymyz şol bir kitap,
Lenin gowy, Lenin beýik
diýýärdi bar görenimiz,
ýazyjylar, taryhçylar,
bilmeýärdik onuň gyran,
sürgün eden adamlaryn,
lukmanlary, iň esasy,
mollumlary, bilim bagy,
ykdysatçy, agronomy,
edebitýat – uly ýagy,
hukukçylar, inženerler,
syýsatçy, din wekili,
studentler, gör, kim boljak,
daýhan, maldar orta ýa baý,
çölde, düzde öljek, galjak,
ýok edilen topar-topar,
aýtmadylar bize muny,
toslap tapyp boş mazmuny,
gelejege kaş mazmuny,
aýlar ýaly başymyzy,
saklar ýaly oglan mydam,
çaga bolduk, oýnadyk kän,
bes edýänçäk halys ýadap...