Surat

Agyr ýagdaý

Bu oýun däl okamasa adamlar,
bu oýun däl oýlanmasa adamlar,
düşünjek bolmasa, biljek bolmasa,
nirelerden gelýär, ýa barýar nirä,
gelen ýeri, duran ýeri haýsy ýer,
kim nämeler diýýär töwerek-daşda,
kim nämeler edýär, meger, esasy,
netijesi näme bolar bularyň,
bir ýyldan soň, on ýyldan soň, has uzak,
kim duşmana gurýar duzak,
kim özüne gurýar duzak,
okan bolup okamagyň ýerine,
bilen bolup çyndan bilmäge derek,
çekişmän, garşydan aýdylan sözi,
ýagşy-ýaman, salyp bilmän terezä,
bu oýun däl oýlanmasa adamlar,
oýlanyp bilmese, has-da beteri,
göre-bile ýalňyş ýoly saýlasa,
ýa gepine gitse ýoguň özüçe,
düşünmese niýetine, päline,
ynansa sözüne özgeler hakda,
özi hakda özgelere aýdylan,
aýdyljak sözleri salman ýadyna,
bu oýun däl okamasa adamlar,
ne ýaradan, ne il ýeter dadyna...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024