Ogurladylan ýaşaýyş
Olar, meger, ýaşamady hiç haçan,
ýaşajak boldular, dogry,
ýöne ýaşamakdan uzak boldular,
sebäbi saklanmak esasy işdi,
esasy iş diňe ölmän galmakdy,
gutarman galmakdy, oglan-uşagy
gorap hem ulaldyp özüň ýaşaman,
ýogsa islediler, arzuw etdiler,
bir gün durup, saga, sola bakarys,
atymyz gyssanman suwa ýakarys,
emma bu bolmady, meger, hiç haçan,
garaşylan ajap eýýäm gelmedi,
hiç birisi yrza bolup ölmedi.
Olar, meger, ýaşamady hiç haçan,
çünki muňa wagty galmady artyk,
iş arasy öwrenen dek başga iş,
bir işin ýitirse, ikinjä geçip,
aç ölmejek bolýan işçiler ýaly,
içinde bolsa-da dökeläp, seçip,
uludan toý tutýan begleri mydam,
ýetde-gütde ýetik boldy hemişe,
a ýokaryk çykan hiç gözi doýman,
açyk ogurlyga öwürdi ýüzün,
ýaşamaga derek berlen ýaşyny,
ertir gelip, gara gylyç almasa,
gümana ýa gorka berip başyny...