Surat

Seniň däliň

Bilýärmidiň ozal ýa-da
pikir etdiň indiden soň,
kim seniň sesiňi kesjek,
kim seni ýok etjek elin degirmän,
öz-özüňi, öz ýüňüňi,
aç goýun dek iýdirip,
döwletmi bu, KGB-li, jellatly,
ýa başga-da ýeterlikmi entetjek,
içerlerde, daşarlarda,
hökümetden beter etjek başarsa,
duzuň iýip, gerek wagty ulanyp,
çirksiz ýagşy niýetiňi, päliňi,
bilýärmidiň ozal ýa-da,
bildirdiler muny saňa,
gözläp tapjak bolup hökman,
ýa-da toslap tapylmadyk däliňi?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024