Adam meselesi
Adam bolan işe gider dünýede,
adam bolan işin eder dünýede,
artyk gürrüň etmejek bor başarsa,
başyny galdyrmaz gepe, gybata,
kemçiligi bolar adam bolanyň,
iş edenler ýalňyşarlar hemişe,
emma kemçiligin düzetjek bolar,
hemem işlär ýalňyşynyň üstünde,
lezzet alman başgalaryň köstünden,
ýöne adam adam bolup bilmese,
ulalyp, oňalyp, ýola gelmese,
ozal özi işin etmez idili,
soň başganyň eden işin gysganar,
däli bolar öz öýünde git-gide,
gije baryp, küdesine ot berer,
ýandagy däl, ili etjek bor pide.