Adam özün açýan wagty
Adam özi hakda gürrüň berýärkä,
görkezýärkä için, daşyn çöwürip,
garaş oňa sözün bölmän azajyk,
gysganma wagtyňy bir sagat, ýarym,
bolmanda bir gezek on ýylda, aryp,
ýadamadyk bolsaň adamdan juda,
ýa-da adam gürrüň berse keseki,
özüne ýat hakda nägile bolup,
sabyr et-de diňle darykman biraz,
tanar ýaly kimler çykýar öňüňden,
ýa-da yzdan gelýän nähili goçak,
ddam ogly dymman, gürrüň edende,
seret oňa göýä açylan saçak,
eliň ýuwup oturmankaň başynda,
uzak ýola ýoldaş bolmazdan ozal,
adam öz-özüni açýan mahaly,
diňle ony göýä goşgy ýa gazal.