Atanak çekiji

Kürsi girip uzak ýyllar düýşüne,
öz-özüni ynandyryp, gör, nämä,
başganyň işine atanak çekýän,
ýyllarboýy eden açyk işine,
arasynda gülüp döwlen dişine,
kemçiligin tapyp özüçe, ownuk,
öz sözünde aýtsak, ýüzüne basyp,
gözünde çöp bolsa, ulaldyp esse,
dar agajy ýaly goýmaga asyp,
ýa-da atar ýaly ertede, belki,
diňe başgaň üstünden däl gyssanyp,
özüne atanak çekýändir ilki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020