Reallyk
Ýaş oglanlar nämelere ynanmaz,
ýa nämeler diýmez hökümet hakda,
dyzdan ýa bilinden ganda oturan,
aýdaly, içinde halal işleýän,
ýa işlejek bar diýerler, başarsa,
diýer olar garşy çykmak hakyňyz,
ýa kanun ýok basar ýaly oglany,
garşy çykdyň diýip, pylan,
emma basylanlar neden basyldy,
ýa ýitenler türmeleriň içinde,
ýa kanun barmydy diri adamy,
uruş kibi, at-dereksiz ýitirmek,
gelmez etmek üçin barsagelmezde,
hat-habarsyz, azyk-suwluk beýlede,
ýatda dursun, elbetde,
ýaş oglanlar nämelere ynanmaz,
ýa ynanan bolar türmäni görmän,
gara diwarlary görmän bir gezek,
kanun hakda gürrüň eder bilmeýän,
kanun näme ýa-da haçan bolupdyr,
aý, bolýa-da, goý, ýaşasyn ölmeýän.