Ýurt meselesi
Ýurdy halas etmek ýurtýykan bilen,
ýurtýykana şärik bilen niýeti,
dilinde bir, ýüreginde başga zat,
ýa-da "atam" diýip ýogalan ogra,
nesil bilen on ýyl soňam aglaýan,
başartmady, başartmajak hiç kime,
iň gowusy, saýlamaly adamy,
"A" harpyndan başlap analiz edip,
aýdyp durka agzy bilen kim, näme;
ýurdy halas etmek ýüreksiz bilen,
ýa beýnisiz bilen, hiç düşmez üme,
boljak zat däl, bilip durkaň sürlenip,
münme ylgap kagyz gämä,
eger münseň, gürleme!