Ýadaw goşgy

1938-nji ýylda, 38 ýaşynda atylan Bruno Ýasenskiden

Duşmanlaryň,
goý, her näçe köp bolsun,
heder etme, çünki olar
halys-alla çydamasa öldürer;
dostlaryňdan heder etme, sebäbi,
iň erbet etjegi satarlar arzan,
dönüklik ederler urup arkaňdan,
emma çekin biparhlardan daş, ýakyn,
sesli, sessiz, gybat edýän, etmeýän,
öldürmezler olar seni gönüläp,
ýa satmazlar geçen ýerňe her haçan,
ýöne dymyp ýer ýüzünde elmydam
dönüklige ýol açarlar owadan,
ýol açarlar ganhorluga bakyýa,
sen bolarsyň aran, ýadan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020