Ürkmen syýasaty
Ürkmen syýasaty başlanýar noldan,
ýykylan ýerinden başlanýar iliň,
öz-özüne badak atan birleşip,
bükülen ýerinden başlanýar iliň,
ýüňi ýetip, dyza çöken erkekler,
ýaşulular, ak sakgally, imansyz,
bolşewigiň, KGB-niň mirasy,
hem ulusy, hemem kiçisi sansyz,
gul-gynak ornunda çagasy, özi,
öz ýüzünden ýörän köwşün çykarman,
nirede kän ikiýüzli, üçýüzli,
onbäş ýüzli adamlary ulaldan,
depesine çykaran il oýanýar,
sebäbi gutardy soňuna çenli,
ýetdirdi ol süregine bireýýäm,
mugt berlenin iýdi, içdi, bitirdi,
ürkmen syýasaty başlanýar noldan,
jaýryk açyp ýüz ýyl ýaşan titirdi,
gara gorky yş gözleýär sümere,
binika ýaşaşan ärini taşlap,
aýallary taşlap, ozal gyrkylyk,
synny söweşinde baş goýan, ölen,
sebäp indi diri galan diri däl,
diri galjak, belki, jan berip gelen.
Ürkmen syýasaty başlanýar noldan,
ýykylan ýerinden kanunyň, kadaň,
bozulan ýerinden ýollaryň, ýodaň,
kazy-kelan, polis, kgb-bary,
ozal iýip, içip, guçup doýmaýan,
depeläp doýmaýan milleti, ili,
pikir edýär näme bolar, kim geler,
kim nireden çykar garma-gürmede,
gara gaýgy taşlamaýar, goýmaýar.
Ürkmen syýasaty başlanýar noldan...