Surat

Kişi meselesi

Sen özüňi näme bilseň, bil, kişi,
içgiňi iç, çekeniň çek, gül, kişi,
ýa-da agla saçyň ütüp köçede,
ozal soňun pikir etmän göç edip,
Osmanlynyň soltany bol başarsaň,
ýa adyl şa dogulmadyk, bolmadyk,
gur özüňçe ýerde jennet diliňde,
kim ynansa, ynanmasa, öz işi,
ýa ýalana şärik bolsa ýanyňda,
emma maňa haýbat atma, arlama,
ýok döwletiň baýdagy dek parlama,
sebäbi meň saňa elim degjek däl,
görýärsiň-ä, her gün bir zat ýazýaryn,
sen özüňe osma, agzym hapalap,
kesbim başga, her sögene sögjek däl.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024