Surat

Adam ejizlände

Adam ulalsa-da, çaga mysaly,
wagtal-wagtal gaty görüp aglaýar,
ejesiniň gujagynda, arlykly,
aşagyny hapalan dek hamala,
ýa emmesi berilmedik wagtynda,
sebäbi ulular biri-birini
çagalara görä ynjydýar gaty,
ozaly öwrenip gowşak ýerlerin,
amatyna garap, haçan uranda,
nireden uranda boljak has gowy,
belki, özleriçe azaltmak üçin,
ýa köpeltmek üçin dünýäniň şerin...

Adama diýýärler sen eýle, beýle,
kä diýilýän zadyň jany bar, belki,
beýlekisi düýpden ýalan, toslama,
emma ejesi ýok onuň ýanynda,
aglasa diňdirjek höre-köşeli,
ol özüni goramaly her edip,
belki, geçip, gerek bolsa janyndan,
emma adam başarmasa durmagy,
ogurlygy, aýby açylyp uly,
ýa kyn görse her urany urmagy,
agyrysyn basyp, ýylgyrýar ýalan,
hakykatda ejesiniň elinde,
çaga ýaly, aglaýar ol hamsygyp,
goý diýiljek ýaly köşegim, balam.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024