Kynçylyk
Elbetde, dymmak kyn, ýurduň ýykylyp,
iliň-günüň çapylýarka ýüz ýyllap,
ýer-ýesirkä dogan, dogjak öňünden,
ejesi, kakasy gara gorkuda,
şemal össe, ýaprak ýaly yrgyldap,
galdyrap ýaşasaň bütin ömrüňe,
gürlemeseň, baky garaşly, ýapja,
kim-kimlere kepje bolup galarsyň,
kim-kimleriň hapasyny atmaga
elbetde, dymmak kyn ýokaryk çykan
iň ilgezik bolsa ilin satmaga.
A gürleseň, aýdan sözüň yzynda
ýa-da gapdalynda durmaly mydam,
soragy bar aýdylmazy aýdanyň,
şondan adam ömür sürýär ýaýdanyp,
ýaşamaga derek ýaşandan bolup,
hemem bilýär dymyşlygy bozanyň,
gygyranyň ýeterlik däl bir gezek,
iki gezek, ýa-da otuz-kyrk ýyllap,
ulus-iliň dymýan wagty ýaşmaksyz,
aýagasty edip özün, çagasyn,
ýa-da başga gykylykçy köpelse,
öljek diýip nobatdaky şermende,
baýdak edip iliň-günüň agysyn,
hem gygyrsa, belki, on esse beter,
göreş meýdanyny gabanyp ilden,
urjak bolup bolsa aşakdan bilden,
gark bolmagyň gamyny däl, elbetde,
gutulmagyň gamyn iýersiň silden.