Surat

Seniň ornuň

Bu bir şahsy mesele däl,
seniň üçin dogmaýar gün,
sen sebäpli ýaşmaýar ol,
ýer gaty däl ýa-da ýumşak
seniň üçin, pikir etme,
öz-özüňi çüňke itme,
gitme gahar şäherine,
gitme öýke şäherine,
kine etme adamlardan,
hüjüm eden bolar saňa,
tankytlarlar haku-nähak,
ýa salarlar görmezlige,
herne gowy bolsun işiň,
dowla salar gören düýşüň,
ýaşama hiç gorkup, ürküp,
dalajak kän güjük ýaly,
tapan awusyny pürküp,
kim bolsaň bol, gowy, erbet,
bu bir şahsy mesele däl,
meselesi iliň-günüň,
sen diňe tut başyňy dik,
aşagynda galma düýnüň,
ýa ertiriň, näme bolsun,
öz ornuňy görseň, bilseň,
salamyny alma müýnüň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020