Surat

Mugt ötegçi meselesi

Seniň üçin köpri gurup bermezler,
durmuş derýasyndan geçmäge günde,
derýa joşsun ýa joşmasyn kenardan,
seniň özüň etmelisiň bu işi,
hatda gurak gelse ýyllar tirkeşip,
balagyňy çermäp geçseň-de suwdan,
çekilen derýanyň düýbünde ýatan
daşdan daşa böküp, ýüzseň arzuwda,
bir gün düşünersiň, gerekdir hünär,
bolmalysyň özüň özüňe ussa,
äre çykman ýa-da öýlenmän gussa,
gurmalysyň özüň özüňe köpri,
sebäbi bu çylşyrymly mesele,
käte işem bolsa öňden barýanyň,
çünki ony ýoldan saklar birleri,
ýok ediler diňe özi üçin däl,
özgelere köpri gurjak bolýanlar,
mugtuna ötegçi köpelýän ilde,
ýa azalsa ýükün egne alýanlar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024