Surat

Köpri gurmak meselesi

Sen özüňde paýapyl gur özüňe,
geçer ýaly şu günüňden ertire,
galma düýnki oglan bolup, gyz bolup,
sebäbi däl düýnki derýa öňüňde,
düýnki suwlar akdy gitdi ummana,
balyklary bilen, leňňeji bilen,
bir adamda durma, galma hemişe,
guwanma şol öňki aýranly çüýşä,
sen özüňde paýapyl gur özüňe,
ertirki hem birigünki adama,
taýyn boljak ertir ösjek ýellere,
gopjak harasada, geljek sillere,
iň gowy iş, belki, köpri gurmakdyr,
galmazlykdyr bir kenarda biçäre,
ýa-da galsaň, aýagyňda durmakdyr,
dyza çöküp durman öňünde derýaň,
durmuş derýasynyň gürrüňi barýar,
sen özüňde paýapyl gur hemişe,
ertir uly köpri boljak özüňe,
galma suwsuz çüýşäň bilen delminip,
hem gark bolma gulaçlaman durmuşy,
yzda taşlap adamyň ýa gelniňi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024