Netije
Netije bu, adam içip ýykylsa,
ýa-da toýy bozsa, Görogly bolup,
netije bu, adam okasa, össe,
bilse bilmeýänin ýene on esse,
ada çapyp, zada çapyp,
hem senedin, hem özüni
aýagasty etmese,
netije bu, eger biri
köçä çykyp heňkirse,
öýsüzleriň köçesine,
işsizleriň köçesine,
güýçsüzleriň köçesine,
köçesine ýüzsüzleriň,
köçesine sözsüzleriň,
sögýänleriň hapa-hapa,
ýatýan ýeri hapa depe,
netije bu, yrza bolsa sögünýän,
ýa köşeşse arlap, kemsidip birin,
öz ýanyndan ýeňen bolup,
özi kädä gabap pirin,
a adamlar, tomaşaçy biletsiz,
çyra bolsun ýa bolmasyn klubda,
gözlär hemem tapar ýerin.